17-nji dekabrda Hytaýyň Harbin şäherinde gar we buz festiwaly açyldy. Her ýylyň gyş aýlarynda geçirilýän bu çäräniň çäklerinde dünýäniň dürli ýerlerinden gelen heýkeltaraşlar dürli heýkelleri, meşhur binalaryň nusgalaryny ýasaýarlar. Bu ýylky çäre ozalky ýyllardan has giň meýdanda geçirilýär. 1,2 million inedördül metri öz içine alýan gyş seýilgähini dürli reňkli çyralar bilen ýagtylandyrylan ajaýyp buz heýkelleri we binalar bezeýär.
Resmi açylyş dabarasy mynasybetli seýilgähiň girelgesinde aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Seýilgähiň merkezinde gyzgyn içgiler hödürlenýän, içi ýyly beýik gümmezli jaý gurlupdyr.
Birnäçe ýyldan bäri geçirilýän bu çäre ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesini kabul edip, sebitiň we ýurduň ykdysadyýetine uly girdeji getirýär.