Saud Arabystanynda ýaňy-ýakynda açylan “Six Flags Qiddiya City” tematik seýilgähi giň çöl meýdanyny äpet syýahatçylyk giňişligine öwürdi we ol dünýädäki iň uzyn, iň belent we iň çalt hereket edýän “amerikan daglary” (roller coaster) attraksiony bilen magtanyp biler.
“Six Flags Qiddiya City”, Arap sährasynyň uly bir bölegini dünýäniň iň iri dynç alyş we syýahatçylyk merkezlerinden birine öwürmegi maksat edinýän uly göwrümli “Qiddiya” taslamasynyň bir bölegine öwrüldi. Toplum ýurduň paýtagty Er-Riyadyň golaýynda ýerleşýär we geljekde bu ýerde kiber-sport meýdançasynyň, stadionyň we akwaparkyň hem bolmagyna garaşylýar.
“Six Flags Qiddiya City”, “Six Flags” ulgamynyň Demirgazyk Amerikanyň daşynda gurlan ilkinji tematik seýilgähi boldy. Onuň gurluşygy, dört ýyla çekdi. Toplumyň meýdany, 32 gektar töweregi bolup, onda restoranlar, söwda nokatlary we attraksionlar ýerleşýär.
Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryň üçüsi, eýýäm, dünýä rekordçysy hökmünde taryha girdi. Olaryň arasynda iň täsirlisi bir wagtda dünýäniň iň belent, iň çalt we iň uzyn attraksiony hasaplanýan “Falcon’s Flight” (Laçynyň uçuşy) bolup durýar. Ol tizligini sagatda 250 kilometre çenli artdyryp bilýär. Eger şundan soň syýahatçylaryň ýüregi bulanmasa, olar dünýäniň iň belent “gyşyk” roller-kosteri diýlip ykrar edilen “Iron Rattler”-da özüni synap bilerler. Ahyrsoňy, “Spitfire” attraksiony bolsa iň belent inwersiýa (otlynyň başaşak öwrülýän ýeri) boýunça rekordy öz ygtyýarynda saklaýar.
PDF









