Polşanyň günortasyndaky Zakopane şäherinde dünýäniň iň uly gardan labirinti guruldy. Onuň içine girenler yzyna çykmak üçin birnäçe minutlap ýol gözlemeli bolýarlar. Bu adaty bolmadyk desga her ýyl gaýtadan gurulýar. Onuň gurluşygynda buz bölekleri we gar ulanylýar. Ilkinji gezek 2015-2016-njy ýyllaryň gyşynda gurlan labirint şondan bäri rekordy elden bermän gelýär. Ilkibaşda, 2 müň 500 metr meýdanda gurlan labirintiň çägi bu ýyl 3 müň metrden geçirildi. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen bu desga her ýyl gurlandan soňra şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň köp gelim-gidimli ýerine öwrülýär. Zakopane gyşky sport oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde dünýäde meşhur dynç alyş ýerleriň biri hasaplanýar.