Eýranyň Fars welaýatynyň Gir we Karzin sebitiniň Miras, medeniýet, syýahatçylyk we senetçilik edarasynyň müdiri Muhammet Jafar Ebrahimi dünýäniň iň uly kiliminiň dokalyp tamamlanandygyny habar berdi. Resminiň aýtmagyna görä, uzynlygy 7 x 15 metre, meýdany 105 inedördül metre barabar bolan bu kilim, Gir we Karzin sebitine girýän Hurz obasynyň zenanlary tarapyndan dokalypdyr. Kilimiň üstünde ýedi esasy dokmaçydan we üç kömekçiden ybarat 10 dokmaçy işledi.  

-Katar döwletiniň sargyt eden bu kilimi “Ariafar Kilim we Gabbeh” kooperatiw kompaniýasy tarapyndan öndürildi – diýip, Muhammet Jafar Ebrahimi belledi. Şeýle hem Ebrahimi kilimi dokamak üçin 66 müň 105 metr sapak sarp edilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Gir we Karzin sebitiniň ilatynyň ep-esli bölegi türki dilli kaşkaýlardan ybarat bolup, bu sebit diňe bir Fars welaýatynda däl, eýsem tutuş Eýranda senetçilik merkezleriniň biri hasaplanýar. Kilim, tekiz dokalyş usullary arkaly taýýarlanan üpürjiksiz halydyr. Şeýle kilimler Türkiýede, Demirgazyk Afrikada, Kawkazda, Eýranda, Owganystanda, Pakistanda, Balkan ýurtlarynda, Hytaýda, Türkmenistanda hem-de Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda öndürilýär. Häzirki wagtda, kilimler Günbatar ýurtlarynda hem düşek ýa-da öý bezegi hökmünde giňden meşhurlyk gazanýar.

Umuman aýdanyňda, Eýran haly önümlerini dünýäde iň köp öndürýän ýurtlaryň biri bolup, Kanada, Awstraliýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Italiýa, Kuweýt, Keniýa, Hytaý, Fransiýa, Beýik Britaniýa ýaly dünýäniň 57 ýurduna meşhur haly, kilim önümlerini we “gabbe” atly haly görnüşini eksport edýär.