Hytaýyň Guýçžou welaýatynda gurlan dünýäniň iň uly asma köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Huaszýan köprüsiniň aýaklarynyň beýikligi 625 metre barabar. Şeýlelikde, desga dünýäniň beýik asma köprüsi rekordyny täzeledi. Mundan ozalky iň beýik köpri hem şol jülgäniň üstünden geçip, beýikligi 565 metre ýetýärdi. Uzynlygy 2 müň 890 metre barabar bolan köpriniň gurluşygyna 2022-nji ýylda başlanypdy. Daglyk ýerde gurlan köpriniň aýaklarynyň arasy 1 müň 420 metre ýetýär. Awgustyň ahyrynda köpriniň inženerleri onuň üstünden ýükli ulaglary geçirip, berkligini barlapdylar.
Dünýäniň iň beýik üç köprüsiniň Guýçžou welaýatyndaky daglyk sebitde ýerleşýändigi mälim edildi. Şeýle hem Ýer ýüzündäki 100 uly köprüniň ýaryna golaýy hem şu welaýaty çäginde gurlupdyr.
Täze köpri Lýuçži hem-de Anlun şäherlerini baglanyşdyrar. Desga beýiklik, aýaklarynyň arasynyň açyklygy we dik sütünleri babatda dünýäniň uly köprüsi boldy.