Geçen bir ýylyň içinde Ýuwaş ummanynda Awstraliýanyň kenarlaryndaky Uly Barýer rifiniň üç esasy mekanynyň ikisi merjenleriň iň köp azalmagyna sezewar boldy. Bu barada Awstraliýanyň deňiz ylymlary institutynyň (AIMS) alymlary habar berýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, soňky bir ýylda suw astyndaky gaýalar özüniň merjen örtüginiň üçden birini ýitirdi, bu 39 ýyldan bäri dowam edýän gözegçilikleriň başyndan bäri iň uly san.
Munuň sebäbi merjenleriň köpçülikleýin reňkini ýitirmesidir: merjen gaýalarynyň uly ýerleri ýokary temperatura sebäpli agardy, bu bolsa ýok bolmak howpuny döredýär.
Alymlar indi Uly Barýer rifiniň ýagdaýyna 40 ýyl bäri ýakyndan gözegçilik edýärler. Hünärmenler soňky 15 ýylda merjenleriň reňkiniň öçmesiniň ýaramaz ýagdaýdygyny bellediler, bu bolsa täsin ekoulgama uly agram düşýändigine şaýatlyk edýär.
Hususan-da, 2016-njy ýyldan bäri alymlar merjen gaýalarynyň reňkiniň öçmeginiň bäş tolkunyny hasaba aldylar. Uly barýer rifi, 2900-den gowrak aýratyn merjen toparlaryndan ybarat dünýäniň iň uly merjen gaýasydyr. Merjen koloniýalary Awstraliýanyň demirgazyk-gündogar kenar ýakasyndan 2400 kilometre çenli uzap, takmynan, 344 müň inedördül kilometre barabardyr. Uly Barýer rifi 1981-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.