Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy 6-njy ýanwarda Ýaponiýanyň “Suiso Energy” kompaniýasy bilen göwrümi 40 müň kub metr bolan, dünýäniň iň uly suwuklandyrylan wodorod tankerini gurmak barada şertnama baglaşandygyny mälim etdi.
Gämi “Kawasaki” kompaniýasynyň Ýaponiýanyň günbataryndaky Sakaide şäherinde gurlar.
2021-nji ýylda “Kawasaki” kompaniýasy göwrümi 1250 kub metr bolan dünýäniň ilkinji suwuklandyrylan wodorod tankerini – “Suiso Frontier” gämisini gurupdy. Ol gämi 2022-nji ýylda Ýaponiýa bilen Awstraliýanyň arasyndaky synag taslamasyna gatnaşyp, suwuklandyrylan wodorody Ýaponiýa howpsuz eksport etmegiň mümkindigini görkezdi.
Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, täze gämi 2030-njy ýyllarda dünýäniň wodoroda bolan islegini kanagatlandyrmak we wodorod üpjünçiliginiň täjirçilik zynjyryny ösdürmek üçin niýetlenendir.
“Kawasaki Heavy” kompaniýasy suwuklandyrylan tebigy gaz tankerleriniň esasy öndürijisi hökmünde gazanan üstünligini gaýtalamak niýetini yglan etdi. Kompaniýa senagat dekarbonizasiýasyny we global energiýa geçişini ýeňilleşdirmäge ukyply element bolan wodorody ulanar.