Fransiýada uzynlygy 220 metr, agramy 26 müň tonnadan gowrak dünýäniň iň uly ýelkenli kruiz gämisi suwa goýberildi. “Orient Express Corinthian” atly gämi meşhur “Orient Express” ýolagçy demir ýol kompaniýasynyň we Fransiýanyň “Accor” myhmanhana toparynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesidir. “Chantiers de l’Atlantique” gämi abatlaýyş kärhanasynda döredilen bu gämi, bu ölçegdäki kruiz gämisi üçin özboluşly hereketlendiriji ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr, şertler rugsat berlende diňe ýel energiýasy bilen işlemäge ukyply. Gämide goşmaça güýç talap edilende, suwuklandyrylan tebigy gazy ulanýan gibrid ulgam ätiýaçdaky hereketlendiriji ulgamy üpjün eder. Kaşaň gämi 54 lýuks otagda 110 ýolagçyny ýerleşdirip biler. Laýner indiki ýylyň ortalarynda ilkinji syýahatyna çykar.