Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň paýtagty Phenýan bilen Russiýanyň paýtagty Moskwanyň arasynda demir ýol gatnawynyň 17-nji iýuldan başlap gaýtadan ýola goýuljakdygy mälim edildi. Bu otly gatnawy pandemiýa wagtynda togtadylypdy. Rus demir ýollary AGPJ 10 müň kilometrlik bu aralygyň 8 gün dowam edýändigini mälim etdi. Bu syýahat dünýäniň iň uzyn göni demir ýol gatnawy hasaplanýar. Demir ýol edarasy otlynyň her aýyň 3-ine hem-de 17-sine Phenýandan Moskwa, her aýyň 12-sine hem-de 26-syna Moskwadan Phenýana ugrajakdygyny mälim etdi. 19-njy iýundan başlap bolsa, Phenýan bilen Russiýanyň Habarowsk şäherleriniň aralygynda hem aýda bir gezeklik gatnaw ýola goýlar.
Selbi BAKAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.