Öten agşam – 7-nji sentýabrda Ýer ýüzüniň köp ýerinde Aý tutuldy. Bu astronomik hadysa hiç hili enjam ulanmazdan görüp boldy. Bu hadysada Aý adatdakylardan gyzyl reňkli bolup göründi. Şeýle bolansoň, oňa ganly Aý tutulmasy diýilýär. Aý tutulmasy dünýäniň ähli ýerinden, şeýle hem ýurdumyzyň ähli ýerinden göründi. Bu hadysa Ýer Gün bilen Aýyň arasyna girip, Aýa Gün şöhlesiniň düşmeginiň öňüni almagy netijesine emele gelýär. Şeýle ýagdaýda Aý doýgun gyzyl reňkli bolýar.

Köp ýerde adamlar seýrek bolup geçýän bu hadysa tomaşa etmek üçin açyk ýa-da belent ýerlere çykdylar. Ýeriň hemrasy 1 sagat 20 minut töweregi dowam etdi.
Höwesjeň we ussat fotosuratçylar bu hadysany surata aldylar.