Sungat eserleri asyrlarboýy halklary baglanyşdyrýan we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän köpri bolup hyzmat edýär. Bu eserler dünýäniň dürli künjeklerinde uly gyzyklanma döredip, syýahatçylygyň ösmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Sungaty söýüjiler ussat suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň döreden eserlerini görmek üçin birnäçe kilometr ýol geçip, şol ýurda ýa-da şähere barýarlar. Her ýyl muzeýlerdir sungat galereýalary sungat eserlerini ýakyndan synlamaga gelen millionlarça myhmany garşy alýar. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň meşhur sungat eserleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
«Uly tolkun». Aziýanyň sungat hazynalary Günbatar dünýäsiniň eserleri ýaly sungaty söýüjileriň ünsüni özüne çekýär. «Uly tolkun» kartinasy häzirki zaman sungaty bilen milli estetikany birleşdirmegi bilen tapawutlanýar. Ýaponiýaly suratkeş Hokusaýyň 1830-1833-nji ýyllar aralygynda döreden bu eseri «Fuji dagynyň otuz alty görnüşi» atly kartinalar toplumynyň iň meşhurydyr. Kartinada uzakda üsti garly Fuji dagynyň şekili, esasy fonda bolsa äpet tolkunyň möwç alýan pursaty suratlandyrylýar. Tokionyň Sumida Hokusai muzeýinde saklanýan «Uly tolkun» kartinasyny ýakyndan görmek üçin her ýyl 1 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
«Mona Liza». Leonardo da Winçiniň «Mona Liza» kartinasynyň asyl nusgasyny görmek üçin her ýyl Pariždäki Luwr muzeýine millionlarça adam barýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan bu sungat eseri ajaýyp ýylgyryşy bilen myhmanlary özüne çekýär. Mona Liza bilen surata ýa-da selfi düşmek myhmanlaryň ýoň bolan adaty hasaplanýar. Italýan suratkeşi bu eserini 1503-1506-njy ýyllar aralygynda döredýär. Leonardo da Winçiniň bu kartinasy esasynda 1915-nji ýylda «Mona Liza» operasy, 1930-njy ýyllaryň başynda iki sany film we 1950-nji ýyllaryň meşhur aýdymlaryndan biri bolan «Mona Liza» aýdymy ýaly köp sanly sungat eserleri döredilýär.
«Gernika». Ispan-fransuz suratkeşi Pablo Pikassonyň «Gernika» eseri Madriddäki Reina Sofiýa muzeýiniň iň gymmatly sungat eserleriniň biridir. Ispaniýanyň taryhyny we raýatlyk urşuny suratlandyrýan bu eser 1937-nji ýylda döredilýär. Taryh bilen sungaty baglanyşdyrýan bu eser ak we gara reňkde ýagly boýaglar bilen çekilipdir. Kartinanyň boýy 3,5 metre, ini 7,8 metre deň.
«Günebakar» we «Ýyldyzly gije». Amsterdamdaky Wan Gog muzeýi ussat suratkeşiň gysga, ýöne täsirli karýerasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. «Günebakar» we «Ýyldyzly gije» kartinalary niderland suratkeşiniň döredijiliginiň iň naýbaşy eserleri hasaplanýar. Suratkeşiň 1887-nji ýylda çekilen iki bölümden ybarat «Günebakar» kartinasynyň birinjisinde ýerde ýatan güller, ikinjisinde bolsa güldana salnan bir topar günebakar gülleri şekillendirilýär. Wan Goguň 1889-njy ýylda çeken meşhur «Ýyldyzly gije» kartinasynda obada Gün dogmazynyň öň ýany suratlandyrylýar. Bir ýyllap zähmet siňdirilen bu kartinada asman jisimleri we Aýyň keşbi takyk bolmasa-da, esasan, şol wagt asmanda görünýän Wenera üns çekilýär. Wan Gog bu kartinany oba gitmezden, hyýaly çekipdir diýlip çaklanylýar.
Mikelanjelonyň üçek suratlary. Italýan heýkeltaraşy we suratkeşi Mikelanjelonyň Sikstin kapellesiniň (öňki ybadathana, häzirki muzeý) üçegine çeken suratlary diňe bir sungat eseri bolman, italýan taryhy üçin uly mirasdyr. Rime we Watikana syýahat edýän millionlarça adam bu täsin eseri synlamak üçin muzeýe barýar. Üçek suratlary dini, medeni we estetik ölçeglerde sungaty öwrenijiler üçin uly tejribe hödürleýär. Mikelanjelonyň 1508-1512-nji
ýyllar aralygynda çeken üçek suratlarynda dünýäniň ýaradylyşy, din we keramatlar şekillendirilýär. Üçek suratlarynda 9 sany esasy sahna (bölüm) bar.