Çaý köp halklaryň iň esasy içimligi diýilse hakykata laýyk bolsa gerek. Her halkyň çaý içmek däbi bolsa asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, medeniýete ornan özboluşlylykdyr. Dünýä halklarynyň käbirinde çaý demlemek, hödür etmek we çaý içmek dessurynda käbir tapawutlar bar. Geliň, olaryň käbirine göz aýlalyň!

Ýaponiýa. Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýada çaý içmek dessury öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Bu ýerde çaý däp-dessurlaryna inçelik bilen seredilipdir. Ýaponlar her gün nahardan öň ýa-da soň birnäçe bulgur çaý içýärler.

Hytaý. Hytaý halkynda çaý içmek däbi müňlerçe ýyllap öz aýratynlygyny saklap gelýän dessur hasap edilýär. Hytaýlar çaýy “gaýwan” atly gaba guýýarlar. Soňra  bolsa, tutawaçly käselere guýup içýärler.

Tibet. Tibetde “çasuýma” atly turşumtyk tagamly içimlik has meşhurdyr. Tibet halkynyň milli içgisi bolan “çasuýma” çaý ýapraklaryny gäwmişiň (ýak) süýdüne goşup, birnäçe sagat goýmak arkaly alynýar. Ajymtyk tagamly çaý kaloriýa baý we doýuryjy häsiyete eýedir. Ony hödür etmezden öň, çaýa duz ýa-da ýag goşulýar.

Angliýa. Biziň ýurdumyzda hem meşhur bolan süýtli çaý Angliýada hem ýaýrandyr. Bu ýurtda öýlän sagat bäşde çaý içmek däbi hem bar.

Türkiýe. Türkiýäni iň köp çaý içýän ýurtlaryň biri hökmünde hasap etmek bolar. Bu ýurtda ýylda ortaça her bir adama 2,5 kilogram çaý sarp edilýär. Bu ýurtda dostlar, dogan garyndaşlar ýa-da maşgala agzalary çaýyň başynda söhbet etmegi halaýarlar.

Wezir Hajyýew,

Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby