22-nji oktýabrda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýänlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibiniň rejelenen görnüşdäki taslamasy taýýarlanyldy. Durmuşa geçirilýän döwlet maýa goýum syýasatyna laýyklykda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny we olaryň täzeleriniň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini nazarda tutup, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasaplaryna geçirmek arkaly döwlet düzümleriniň hem-de hususy bölegiň täze önümçiliklerini we söwda şertnamalaryny maliýeleşdirmek üçin gysga, orta hem-de uzak möhletli karzlary bermek göz öňünde tutulýar.

Resminamada Býujet kodeksine laýyklykda, karz bermegiň ugurlary giňeldildi we şertleri kämilleşdirildi, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, karz alyja bir taslamanyň çäklerinde berilýän karz serişdeleriniň aňryçäk möçberleri kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň çykdajylardan artykmaç girdeji böleginiň netijeli ulanylmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu gaznanyň 2008-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Bu strategik ähmiýetli ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk peýdalanylmagy, göz öňünde tutulyşy ýaly, karz-pul syýasatyny alyp barmakda, ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklamakda, milli we döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde maliýeleşdirilýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, ýurdumyzyň tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde oňyn täsirini ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň maksadalaýyk sarp edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.