12-nji ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Il­çi­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy we 2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li «te­ge­lek stol» mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Bu çä­rä «Tä­ji­gis­tan-Türk­me­nis­tan» dost­luk jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri, Tä­ji­gis­tan­da kow­çum bo­lup ýa­şa­ýan türk­men­ler we ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­nyň do­wa­myn­da, onuň ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­dä­ki or­ny, ki­ta­byň di­ňe ösüp gel­ýän ýaş­lar üçin ýan­ki­ta­ba öw­rül­män, eý­sem äh­li türk­men ra­ýat­la­ry üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk bo­lan­dy­gy ba­ra­da nyg­tal­dy.
Du­şu­şyk­da 2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi, ýy­lyň do­wa­myn­da mil­li hem-de hal­ka­ra de­re­je­sin­de akyl­dar şa­hy­ra ba­gyş­la­nan çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da pi­kir-alyş­ma­lar ge­çi­ril­di.
Çä­rä gat­na­şy­jy­lar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, onuň tu­tuş dün­ýä me­de­ni-mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.