24-nji oktýabrda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanyp “Ýaşlar dialogy” atly çäre geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan BMG-niň Täjigistandaky wekilhanasy, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi we Täjigistanyň Ýaşlar we sport baradaky komiteti bilen bilelikde guralyp, oňa Täjigistanyň ýokarda agzalyp geçilen ministrlikleriň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň işjeň ýaşlary gatnaşdylar.
Çärede ilçi A.B.Goçmyradow öz eden çykyşynda ähli gatnaşyjylary BMG-niň 80 ýyllyk baýramy bilen gutlady we Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda yzygiderli alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi sebäpli, şu ýylyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu hukuk taýdan aýratyn derejäniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek tassyklanandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen berkidilendigi nygtaldy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça öňe süren birnäçe başlangyçlary barada gürrüň berildi.
BMG-niň Täjigistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Parwati Ramaswami öz çykyşynda, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk, bitaraplyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny we bu ýörelgeleri halkara giňişliginde öňe sürmekde aýratyn goşant goşýandygyny belledi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly we konstruktiw çemeleşmäniň nusgasy bolup hyzmat edýändigini, 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmeginiň bolsa, döwletleriň arasyndaky dialogy we özara düşünişmegi ösdürýändigini nygtady.
Ýaşlar dialogyna täjigistanly ýaşlar bilen bir hatarda, ilçihanada önümçilik tejribeligini geçýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakdaky, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekdäki orny barada gürrüň berdiler.
Maslahatlaryň çäginde halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň BMG bilen parahatçylyk we durnukly ösüş ugrundaky umumy maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.
PDF









