Rus alymlary tarapyndan rak keseline garşy işlenip düzülen sanjym ulanylmaga taýýar. Bu barada Russiýanyň Federal lukmançylyk we biologiýa agentliginiň başlygy Weronika Skwortsowa “Izewstiýa” gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, “Enteromix” sanjymy howpsuzlygyny we ýokary netijeliligini subut eden kliniki synaglardan üstünlikli geçdi. Şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Federal lukmançylyk we biologiýa agentligi Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligine täze dermanyň kliniki taýdan ulanylmagyna rugsat almak üçin resminamalaryny iberdi.
Alymlar “Enteromix” sanjymynyň çişiň göwrümini azaldýandygyny, ösüşini haýalladýandygyny, şol sanda howpsuzdygyny subut etdiler. Skworsowa bu serişdäniň kolorektal rak keselini bejermek üçin ulanyljakdygyny aýtdy.
PDF









