-Gök çaý, insult we düwnügiň käbir görnüşleriniň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär – diýip, ýaponiýaly barlag geçiriji, oba hojalyk ylymlary boýunça doktor Eiti Fukusima “Nihon Keizai” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Hünärmeniň pikiriçe, soňky ýyllarda bu önüme bagyşlanan barlaglaryň sany ep-esli artdy.
-Birnäçe barlaglaryň netijelerini öz içine alýan seljeriş işleri, gök çaýyň sarp edilmeginiň endometrianyň, öýken düwnüginiň, insultyň, şol sanda, ýürek-damar keselleriniň howpuny azaldýandygy belli boldy – diýip, Fukusima belledi.
Onuň sözlerine görä, bu aýratynlyk, esasan, gök çaýyň düzüminden ýüze çykarylan köp mukdardaky katehinler bilen baglanyşyklydyr. Gök çaýdaky polifenollara çaý katehinleri diýilýär. Olaryň güýçli antioksidant täsiriniň bardygy subut edilen hakykat – diýip, hünärmen düşündirdi.
Şeýle hem Fukusima, çaý katehinleriniň ýaglaryň dargamagyna gatnaşýan fermentleriň işjeňligini artdyrýandygyny, bedendäki ýaglaryň energiýa üçin ulanylmagyny aňsatlaşdyrýandygyny tassyklady. Şol bir wagtyň özünde, bu önümdäki katehinleriň we teaniniň bäş aý ulanylandan soň dümew wirusynyň ýokaşma ähtimallygyny peseldýändigi tassyklady.