Berkarar Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edep-terbiýeli, bilimli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Halkymyzyň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Ata-ene perzendiň «durmuş halypasy» hasaplanýar.
Ata-babalarymyz «Edep – hazynadyr, terbiýe – paýhasdyr» diýip aýdypdyrlar. Edep-terbiýä eýeren adam jemgyýetde hormat-sylag gazanýar, sözünde ynam, hereketinde ygrar bolýar. Maşgalada terbiýe ilkinji mekdepdir. Ene-ata çaganyň ilkinji mugallymy bolup, onuň ruhy dünýäsi üçin jogapkärdir. Ene-atanyň çagalaryna berýän öwüt-ündewleri, özüni alyp barşy, ululara hormaty, halal zähmeti çaganyň terbiýesinde ömürlik yz goýýar. Şonuň üçin ata-enäniň şahsy nusgasy iň täsirli sapakdyr.
Mekdep diňe bilim bermek bilen çäklenmän, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegine, jemgyýetde dogry ýer tapmagyna ýardam edýär. Mugallymlar okuwçylara jemgyýetçilik borçlaryny, kanunlara hormat goýmagy, ynsanperwerligi, ynsaplylygy öwredýärler. Şeýle-de okuwçylaryň arasynda dostluk, agzybirlik, zähmetiň gymmaty ýaly düşünjeler terbiýelenýär.
Jemgyýet her bir adamyň terbiýesine täsir edýär. Ululara hormat, kiçilere sylag, goňşuçylyk gatnaşyklary, jemgyýetçilik çäreleri, milli däp-dessurlar hem ýaşlaryň terbiýelenmegine hyzmat edýär. Halk döredijiliginde, pähim-paýhasly sözlerde, nakyllarda hem terbiýäniň beýik nusgalary bar.
Häzirki döwürde ýaşlaryň terbiýesine has uly ähmiýet berilýär. Internetiň we tehnologiýalaryň ösýän döwründe diňe bilimli bolmak ýeterlik däl, eýsem, jemgyýetde özüňi medeniýetli alyp barmak hem möhüm bolup durýar. Ýaşlaryň dünýä derejesindäki bäsleşiklerde üstünlik gazanmagy üçin olaryň akyl taýdan, ahlak taýdan we beden taýdan kämil bolmagy zerurdyr.
Edep-terbiýe adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda ýolgörkeziji çyragdyr. Terbiýeli nesil jemgyýetiň baýlygynyň we geljeginiň kepilidir. Şonuň üçin her bir adam öz durmuşynda, maşgalasynda we jemgyýetde edep-terbiýä aýratyn ähmiýet bermelidir. Edep bar ýerde birlik, dostluk, abadançylyk we ösüş hökmanydyr.
Maýsa PAŞŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.