6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri A.Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda myhman türkmen tarapyndan bildirilen ýokary myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny aýtdy. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäginde geçirilýän ugurdaş çäreleriň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady.
Milli Parlamentiň Başlygy myhmany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň ulag ulgamyny düzgünleşdirmek üçin goşulan halkara resminamalarynyň we bu ugurda kabul edilen kanunlaryň ähmiýetini belledi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ulag-logistika ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Myhman öz ýurdunyň Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny goldaýandygyny beýan etdi.
Taraplar döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, Parlament guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamaga taýýardyklaryny aýtdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Parlament wekillerini gatnaşmaga çagyrdy.