Orhus uniwersitetiniň hünärmenleri Daniýanyň oba ýerlerinde dikligine ýerleşdirilen Gün panelleriniň netijeliligini öwrendiler. Tejribäniň çäklerinde iki taraply Gün panelleri ekin meýdanynyň içine ýerleşdirildi. Başga bir atyza bolsa, adaty usuldaky ýaly ýapgyt şekilli paneller ýerleşdirildi. Atyzlara bugdaý we ýorunja ekildi. Dik panel ýerleşdirilen ekin meýdanyndaky hasylyň o diýen azalmandygy ýüze çykaryldy. Paneller atyzyň 10 göterimini gaplady. Ýapgyt görnüşli panel ýerleşdirilen atyzda bolsa, ekiniň hasyllylygy 18-26 göterim aralygynda azaldy. Köp ýurtda ekin meýdanlarynda we baglarda Gün panelleri oturdylyp, ekerançylyk meýdanlary elektrik energiýasyny öndürmek üçin hem peýdalanylýar.
Durdy BAÝRYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.