Oba hojalyk ekinlerine zyýan beriji mör-möjeklerdir keseller hasyla uly zyýan ýetirýär, ýagny ekinleriň hasyllylygy 10-20% we ondan hem köp peseldýär. Şonuň üçin-de olara garşy göreşmek wajyp wezipedir. Bu wezipäni üstünlikli çözmek, keselleriň garşysyna hasyly goraýjy has kämilleşen serişdeleri peýdalanmak üçin mör-möjekleriň we keselleriň esasy görnüşlerini, olaryň ösüşiniň aýratynlyklaryny hem-de olara garşy göreş çärelerini bilmek zerurdyr.
Oba hojalyk ekinlerine kebelekleriň, tomzaklaryň, siňekleriň, kertijileriň, ýasmyklaryň, şirejeleriň, çekirtgeleriň dürli görnüşleri has köp zyýan ýetirýär. Olardan başga-da gemrijiler (syçanlar, alakalar, ýalmanlar), şeýle hem slizniler, sakyrtgalar we maýda togalak gurçuklar – nematodlar howply zyýan beriji mör-möjeklerdir.
Mör-möjekler ösümlikleriň ýapraklarynda, beýleki agzalarynda taşlaýan ýumurtgalaryndan köpelýär. Her bir mör-möjek birnäçe ýüz, hatda müňlerçe ýumurtga taşlap bilýär. Olardan liçinkalar dogulýar, kebeleklerde oňa gurçuklar diýilýär. Soňra liçinkalara Iýmitlenmegi bes edýärler. Şu ösüş tapgyrynda mör-möjegiň içki agzalary özgermek bilen, uly mör-möjekler emele gelip uçup gidýärler. Bir ýylyň içinde mör-möjekleriň köpüsi birnäçe nesil (meselem, şireje 15) öndürip bilýär, olaryň köp zyýan ýetirýänligi şunuň bilen düşündirilýär.
Mör-möjekleriň ekinlere zyýan ýetiriş häsiýeti olaryň agyz gurluşyna baglydyr. Meselem, güýz sowkasynyň, çemen kebeleginiň gurçugynyň, galla kertijileriň äňleri berk bolup, ýapraklary, baldagy we kökleri gemirýärler, başgaça aýdylanda, olar gemriji zyýan berijilerdir. Ýasmyklardyr şirejeler bolsa, çümüji hortumjyklarynyň kömegi bilen ösümlikleriň şiresini sorýarlar.
Zyýan beriji mör-möjekleriň käbirleri dürli ýabany osýän we medeni ösümlikler bilen iýmitlenýärler, şonuň üçin olar has hem howpludyr, olara köp zäherli mör-möjekler diýýärler. Güýz sowkasy, çemen kebelegi, kösükleriň ýa-da şugundyryň gaty gurçugy (tomazagyň, jyk-jygyň liçinkasy), şireje, şugundyr ädiktikeri, çekirtge we beýlekiler şeýle mör-möjeklerdir.
Mör-möjekleriň köpüsi ösümlikleriň diňe bir görnüşi ýa-da birnäçe ýakyn görnüşleri bilen iýmitlenýärler. Meselem, kolorad tomzagy we onuň liçinkasy ýeralmadyr badamjan, pomidor, burç we ýabany ösýän itüzümleriň ýapraklary bilen iýmitlenýär. Diňe däneli ösümlikler bilen iýmitlenýän şwed siňegi bu ekinleriň irki, ýagny tohumyň topraga taşlanan we gämikleýän döwürlerinde ekini hatardan çykarýar. Nohut zernowkasy, adyndan belli bolşy ýaly, nohut ekinlerine zyýan ýetirse, kökmiwe ädiktikeri, kösükleriň zernowkasy, nohut plodorožkasy diňe kösükliler maşgalasyna degişli ekinlere zyýan berýär. Zyýan beriji pyşbagajygyň hortumjygy bilen ýaş baldagydyr ýapragy, soňra bolsa dänäni deşmegi ösümligiň saralyp guramagyna, dänäniň pak bolmagyna we akbaş keseline sebäp bolýar. Şeýle mör-möjeklere ýöriteleşen mör-möjekler diýilýär.
Sakyrtgalar möý şekillilere degişlidir. Mysal üçin, ambar sakyrtgalarynyň agyzlary gaty iýmit bilen iýmitlenmek, beýleki görnüşleri ösümlikleriň şiresini sormak üçin uýgunlaşandyr. Gowaçany, bakja we beýleki ekinleri zaýalaýan kerepli sakyrtga, dänäni hem däne önümlerini zaýalaýan unjumak sakyrtga has hem köp zyýan berijidir.
Sliznileriň agzalara bölünmedik etli bedenjigi, nemli bardasy bolýar. Agyz boşlugynda gyrgyç şekilli gurluşy bolup, şonuň bilen iýmiti gyryp iýýär. Slizniler hereket edende, ýapraklaryň, kökleriň, miweleriň dokumasyny dili bilen törpüläp, uly zyýan ýetirýär.
Nematodalar maýdaja togalak gurçuklar bolup, agyz gurluşy iňňe görnüşlidir. Ösümlikleriň dokumalaryny deşip, olaryň şiresi bilen iýmitlenýärler. Netijede, zaýalanan ösümlikleriň dokumalarynyň şikes ýeten ýerleri çişýär. Ýumurtgalar arkaly köpelýän nematodalara hyýara, pomidora, sogana, sarymsaga zyýan ýetirýän galla nematodasyny we ýeralmanyň köklerine zyýan ýetirýän ýeralmanyň baldak nematodasyny mysal görkezmek bolar.
Gemrijiler aslynda süýdemdirijiler toparyna degişlidir. Olar köpelgiç hem-de horan bolýarlar, şonuň üçin oba hojalyk ekinlerine, ylaýta-da däneli ekinlere uly zyýan ýetirýärler. Mysal üçin, bir ýalman möwsümde 4-den 16 kilograma çenli dänäni ýok edýär diýip çaklanýar. Ýalmanlardan başga-da, syçan görnüşli gemrijiler, homýaklar, alaňňyrtlar meýdan ekinlerine zyýan ýetirýärler.
Haýytbaý Gylyjow,
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent.
PDF









