Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Çünki pudak milli ykdysadyýetiň örän möhüm pudaklarynyň biridir. Bu pudakda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksporta iberýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça aýratyn ähmiýete eýedir.
Topragyň iň esasy häsiýeti onuň hasyllylygydyr. Hasyllylyk diýmek ösümlikleriň suwa, iýmit elementlerine bolan talabyny kanagatlandyrmaga we hasyl döretmäge topragyň ukyplylygy diýmekdir. Tarp ýerler tebigy faktorlaryň hem-de toprak emele geliş prosesleriniň döreden tebigy hasyllylygyna eýedir. Täze ýerleriň oba hojalyk önümçiligine çekilen pursadyndan beýläk toprak özüniň tebigy hasyllylygy bilen birlikde emeli hasyllylyga-da eýe bolar.
Toprakda düýpli medeni bejergi näçe uzak wagtlap geçirildigiçe, oňa organiki hem-de mineral dökünler näçe köp berildigiçe, onuň hasyllylygy şonça-da ýokary bolýar. Hojalyklaryň has kämilleşen maşynlar we gurallar bilen barha köp üpjün edilmegi, iberilýän mineral dökünleriň birsyhly artdyrylmagy, ägirt uly meýdanlaryň suwarylmagy emeli hasyllylygy yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Alnan hasylyň ululygy topragyň netijelilik ýa-da ykdysady hasyllylyk görkezijisidir.
Ösýän ylym, tehnika we öňdebaryjy tejribe topraga täsir etmäge onuň tebigy häsiýetlerini üýtgetmäge we hojalyk meýdanlarynyň netijeli hasyllylygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Esasy iş topragyň düzüminiň gowulanmagyny gazanmakdyr. Toprak gaty maddadan – suwdan, toprak ergininden we gaz görnüşli (toprak howasyndan) böleklerden ýa-da fazalardan ybaratdyr.
Topragyň gaty fazasynyň mineral bölegi dürli derejedäki ownuk enelik jynsyndan ybarat bolup, topragyň köpüsiniň 80-97% gaty fazasy şonuň paýyna düşýär. Tozama netijesinde onda suwda aňsatlyk bilen ereýän ýönekeýje birleşmeler emele gelýär. Ösümlikleriň, haýwanlaryň, mör-möjekleriň, bakteriýalaryň çüýräp dargaman we çala çüýräp dargan bölekleridir. Topragyň häsiýetini we hasyllylygyny kesgitleýän onuň iňňän möhüm düzüm bölegi çüýrüntgi ýa-da gumusdyr.
Ýeriň üstki gatlaklarynda toplanýan çüýrüntgide ösümlikler üçin gerek bolan azot, fosfor, kaliý we beýleki iýmit elementleri bolýar. Bularyň hemmesine topragyň emele gelmegi – biologiki proses diýilýär.
Topragyň emele gelmeginde mikroorganizmleriň täsiri uludyr. Olar ýaşaýyş üçin zerur bolan energiýany organiki maddadan alýar, organiki maddany bolsa gök ösümlikler döredýär. Toprak ösümlik galyndylary näçe köp bolsa, ondaky mikroorganizmler hem şonça köp bolýar. Ösümlik galyndylaryny çüýredip dargadýan organizmler aerob we anaerob bakteriýalaryna hem-de kömeleklere bölünýär.
Aerob bakteriýalar howadaky kislorod topraga erkin aralaşan mahalynda ösýär. Kislorodyň bolmazlygy olaryň heläk bolmagyna eltýär. Anaerob bakteriýalar kislorodsyz ýaşaýarlar we köpelýärler. Kömelekler bakteriýalardan tapawutlylykda turşy sreda çydamlydyr. Olar kislorod baranda gowy ösýär we bakteriýalaryň dargadyp bilmeýän eýleýji maddalaryny dargatmaga ukyplydyr.
Kislorod baranda hem-de topragyň kislotalylygy gowşak bolanda ösümlik galyndylary örän çalt çüýräp dargaýar, şonda ösümlikleriň kül iýmit elementleri emele gelýär. Käbir bakteriýalar, meselem azotobakter howadaky azoty özleşdirýär, topraga witaminleri hem-de ösüş maddalaryny bölüp çykarýar.
Anaerob şertlerde ösümlik galyndylarynyň çüýräp dargaýyş depgini peselýär, ýarym çüýrän ösümlik galyndylary (torf) toplanýar we ösümlikler üçin zyýanly bolan öte turşy birleşmeler hem-de kislotalar emele gelip biler.
Aerob we anaerob prosesler aýry-aýrylykda topragyň ýokary hasyllylygyny üpjün edip bilmezler. Olaryň diňe bir wagtyň özünde täsir etmegi netijesinde ösümlikler üçin amatly şertler döreýär.
Toprakda peýdaly mikroorganizmlerden başga-da, ösümlikler üçin zyýanly mikroorganizmler hem bar, olaryň garşysyna agrotehniki we beýleki serişdeler arkaly göreş alyp barmaly bolýar.
Toprakda organiki maddanyň toplanmagy we çüýräp dargamagy ekerançylykda uly rol oýnaýar. Medeni ösümlikler üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek üçin topragy organiki maddalar bilen baýlaşdyrmak gerek.
Ösümlikleriň kadaly boý almagy we ösmegi üçin daşky sredanyň faktorlaryndan (ýagtylykdan, suwdan, mineral iýmitlerden we başgalardan) ýeterlik mukdarda we amatly utgaşyklykda peýdalanylan mahalynda oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alynýar. Şunuň bilen birlikde, alnan hasyl ýokary hilli bolmalydyr. Önümiň hili hakyndaky alada bilen birlikde her bir ekiniň hasyllylygy hakyndaky alada ähli geçirilýän agrotehnikanyň esasynda bolmalydyr.
Ösümliklerdäki himiki maddalaryň mukdary hemişe durnukly däldir we ol howa, topragyň görnüşine, dökünlere we başgalara baglydyr. Şoňa görä-de şol şertleri öwrenmek oba hojalyk ylmynyň esasy wezipelerinden biridir.
Haýytbaý Gylyjow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.