Efiopiýa her ýyl geçirilýän “Ýaşyl miras” milli agaç ekme kampaniýasy üçin 8,4 milliard agaç nahallarynyň taýýarlanandygyny mälim etdi. Bu barada TV BRICS teleýaýlymynyň hyzmatdaşy “Fana Media Corporation” ýurduň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp habar berdi.
Ilkibaşda 7,5 milliard agaç ekmek meýilleşdirilipdi, ýöne taýýar agaç nahallarynyň mukdary garaşylanyndan ep-esli ýokary bolup çykdy. Ministrligiň habaryna görä, nahallar 1,9 million gektar meýdanda ekiler, şolardan 1,5 million gektar ekiş üçin amatly diýlip ykrar edildi.
492 müň gektardan gowrak meýdanda ekiş üçin jikme-jik kartalaryň düzülendigi bellendi. Mundan başga-da, oturtmak üçin 3,1 milliard çukur taýýarlandy we 518 milliondan gowrak agaç oturdyldy.
Agaç oturtmak kampaniýasy, döwlet edaralaryndan we mekdeplerden başlap, fermer meýdanlaryna çenli 116 müňden gowrak ýerde başlandy. Taýýarlanan nahallaryň arasynda dürli görnüşli agaç nahallary bar.
“Ýaşyl miras” başlangyjy Efiopiýada 2019-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýär we hatardan çykan ekoulgamlary dikeltmegi we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmegi maksat edinýär.