Häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri tebigaty goramak, ekologik deňagramlylygy üpjün etmek we adamlaryň ýaşaýyş abadançylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Tebigatyň durnukly ýagdaýda saklanmagy jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti bolup, ekologik abadançylyk häzirki döwrüň iň möhüm jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň biridir.
Ekologiýa adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy, olaryň özara täsirini öwrenýän ylymdyr. Tebigaty goramak diňe bir ylmy ýa-da tebigy mesele bolman, eýsem, jemgyýetiň durmuşynda ykdysady, medeni we ruhy ähmiýete eýedir. Ekologiýa taýdan arassa gurşaw halkyň saglygynyň, bagtyýar durmuşynyň we durnukly ösüşiň kepilidir.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri tebigata hormat goýmagy, ýer bilen suwa alada bilen çemeleşmegi öz ýaşaýyş ýörelgesine öwrüpdir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologik syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet derejesinde tebigaty goramak, biologik dürlüligi saklamak, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, howanyň arassalygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynda hem ekologiýa meseleleri aýratyn orun eýeleýär. Aral deňziniň ekologiýasyny dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle-de «Altyn asyr» türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň tebigata bolan jogapkärli çemeleşmesiniň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalar diňe bir ekologik taýdan däl, eýsem, ykdysady taýdan hem uly ähmiýete eýe bolup, oba hojalyk meýdanlarynyň giňelmegine we halkyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna itergi berýär.
Türkmenistanda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamalarynda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilýär. Täze gurulýan şäherlerde, ýaşaýyş toplumlarynda, seýilgählerde, ekologiýa taýdan arassa çemeleşme ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar. Arkadag şäheri döwrebap gurluşygy we ekologiýa taýdan arassalygy bilen «akylly» we «ýaşyl» şäher hökmünde dünýäde öz ornuny tapdy. Bu şäheriň gurluşygynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, Gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmeler ulanylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri ýurdumyzda we sebitde ekologik taýdan durnukly ösüşiň nusgasy bolup çykyş edýär.
Ekologiýa medeniýeti her bir adamyň tebigata jogapkärli çemeleşmegini, daşky gurşawy goramagy öz borjy hökmünde kabul etmegini aňladýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ekologiýa boýunça bilim-terbiýe berýän çäreler, ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän arassalaýyş, agaç ekmek çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýaş nesillerde tebigata söýgi we jogapkärçilik duýgusyny döretmek ýurdumyzyň ekologik abadançylygynyň geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bilim edaralarynda «Ekologiýa», «Tebigaty goramak» ýaly sapaklaryň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň ekologik medeniýetiniň ösüşine ýardam berýär. Netijede, ekologiýa we abadançylyk bir-birinden aýrylmaz düşünjelerdir. Tebigaty goramak abadançylygyň kepili, abadançylyk bolsa ekologik durnuklylygyň netijesidir.
Türkmenistanda ekologik syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşyl guşaklaryň giňeldilmegi, tebigy baýlyklaryň tygşytly ulanylmagy we ekologik arassa önümçiligiň ösdürilmegi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Ekologiýa baradaky jogapkärli çemeleşme we abadançylygyň derejesiniň ýokarlanmagy diňe bir biziň döwrümiz üçin däl, eýsem, geljek nesiller üçin hem arassa, abadan dünýäni döretmegiň kepilidir.
Maral ATAJANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
PDF








