Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň plenar maslahatyndaky taryhy çykyşynda «Türkmenistan ekologiýa we howa ýagdaýy bilen bagly meseleler boýunça işini dowam etdirer, bu ugurda howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy ýörelgesi hökmünde ulgamlaýyn çemeleşmäni ýola goýmak, howa, ekologik we tehnogen hadysalary gözegçilikde saklamak hem-de olara jogap bermek boýunça köpugurly mehanizmleri döretmek ugrunda yzygiderli tagalla eder» diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň sözleri ýurdumyzda amala aşyrylýan, diňe milli däl-de, sebitleýin ekoulgamlary gorap saklamaga gönükdirilen özgertmelerde öz doly subutnamasyny tapýar.
Türkmenistanyň ekologik strategiýasynyň düýp özeni güýçli kanunçylyk binýadydyr. Häzirki wagtda binýatlaýyn hukuk namalarynyň bir topary kabul edilip, üstünlikli hereket edýär. Bu resminamalar tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak hem-de ýurduň «ýaşyl» ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegini üpjün etmek üçin berk hukuk esasyny döredýär.
Milli tokaý maksatnamasy: özgertmeleriň aýrylmaz bölegi hökmünde Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Bu strategik resminama ýurdumyzyň Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýasynyň wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşykda bolup, ýaprakly, pürli, miweli hem-de çöl ösümlikleriniň millionlarça nahallarynyň ekilmegini göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, şäherleriň töwereginde we ulag ýollarynyň ugrunda ýaşyl guşaklar hem-de tokaý zolaklary döredilýär. Bu bolsa çölleşmäniň öňüni almakda iň täsirli çäreleriň biridir.
Ýakynda ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Bu giň gerimli ekologik çäre ýurduň ähli sebitlerinde guralar. Çäräniň dowamynda türkmen arçasynyň nahallarynyň hem oturdylmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanda döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şeýle ählihalk bag ekmek çäreleri yzygiderli geçirilýär. Olary geçirmek bilen esasy maksat ýurduň bagy-bossanlyga öwrülmegini we ekologik ýagdaýyň gowulanmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň alymlary degradirlenen çöl we öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça ylmy maslahatlary taýýarlamak ugrunda iş alyp barýarlar. Bu iş ekoulgamlary goramakda möhüm ähmiýete eýedir.
Halkara hyzmatdaşlyk: Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça onlarça halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň gatnaşyjysydyr. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Dubaýda geçirilen COP28 howa sammitinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy. Bu ädim daşary döwletler we halkara guramalar bilen metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň kabul edilmegi bilen berkidildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreş boýunça Sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Bu taslamanyň esasy maksady sebitleýin ylmy-tehniki mümkinçilikleri birleşdirmek we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdir.
Şeýlelikde, Türkmenistan oňyn bitaraplyk ýörelgelerine berk eýerýän döwlet hökmünde sebitleýin we halkara derejede ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen anyk, netijeli teklipler bilen çykyş edýär. Içerki özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýeti we daşary syýasatda işjeňlik ýurdumyzyň dünýäniň ekologik gün tertibinde möhüm orny eýelemegini üpjün edýär.
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
PDF









