Gazagystan Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi arkaly eksporty 2024-nji ýylda 1,4 million tonnadan 2025-nji ýylda 1,7 million tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň energiýa ministri Erlan Akkenženow metbugat ýygnagynda habar berdi.
-Ösüş (eksportda) 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär. Geçen ýyl bu ugurda, takmynan, 1,4 million tonna eksport eden bolsak, 2025-nji ýylda, takmynan 1,7 million tonna eksport etmegi meýilleşdirýäris – diýip, Akkenženow bu turbageçiriji arkaly nebit eksporty baradaky sowala jogap berdi. Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Gazagystan bu ugur arkaly 800 müň tonna nebit eksport etdi.
Mundan ozal Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy Gazagystanyň we Türkiýäniň liderleri Kasym-Žomart Tokaýewiň we Rejep Taýip Erdoganyň 29-njy iýulda Ankarada geçirilen duşuşygynda eksporty köpeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti türk kompaniýalaryny elektrik defisitini azaltmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.
2022-nji ýylda Tokaýew hazarüsti geçelgesinde nebit daşamagyň mukdaryny artdyrmak barada görkezme berdi. Gazagystanyň “GazMunayGas” we Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýalary her ýylda 1,5 million tonna nebit daşamagy göz öňünde tutýan şertnama gol çekdiler.