15-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygy bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar barada gürrüň edilende, diplomatlar Birleşen Milletler Guramasynyň maýdançasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba beýan edilen gutlaglar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
PDF









