Ekwatorial Gwineýanyň paýtagty Respublikanyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we logistikany gowulandyrmak maksady bilen adadan ýurduň gury ýer bölegine göçürildi. Afrika ýurdunyň Prezidenti Teodoro Obiang Ngema Mbasogo degişli karara gol çekip, Sýudad-de-la-Pas şäherini Respublikanyň täze paýtagty diýip yglan etdi. Ýurduň häzirki paýtagty Malabo şäheri.
“Biz hökümet edaralarynyň howpsuzlygyny kepillendirmek we ýurdumyzyň ähli sebitleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen hökümetiň merkezini Syudad de la Pasa göçürmeli diýen netijä geldik” – diýip, «Guinea Ecuatorial Press» neşiri karardan bölekleri getirýär. “Malabo, adada ýerleşýändigi sebäpli, daşarky howplara garşy ejiz bolmagynda galýar, şol bir wagtyň özünde yklymyň merkezinde ýerleşýän täze paýtagt Ekwatorial Gwineýanyň her bir raýaty üçin özygtyýarlylygyň galasyna we ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrüler.”
Syudad de la Pas şäheriniň gurluşygy ýurduň geljekki paýtagty hökmünde 2012-nji ýylda başlandy. Şäher Ekwatorial Gwineýanyň yklym böleginiň edil merkezinde, Atlantik ummanynyň kenaryndan 160 km gündogarda, Wele derýasynyň boýunda ýerleşýär. Ol gür tropiki tokaýlyklar bilen gurşalan. Sýudad-de-la-Pas, Gabonyň serhedinden 25 km we Kamerunyň serhedinden 60 km uzaklykda ýerleşýär.
Ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň köpüsi, eýýäm, Malabodan täze paýtagta göçürildi. Şäher 200 müň ýaşaýjy üçin niýetlenendir. Şol bir wagtda, Atlantik ummanyndaky Bioko adasynda ýerleşýän Malabo käbir döwlet gulluklaryny saklap galar. Şeýlelikde, taryhy paýtagtda Daşary işler ministrligi hem-de Uglerod we dag-magdan senagatyny ösdürmek ministrligi galar. Daşary ýurtlaryň ilçihanalary we iri kompaniýalaryň hem-de banklaryň merkezi edaralary hem entek Sýudad-de-la-Pas şäherine göçmegi meýilleşdirmeýärler. 350 müň adamyň ýaşaýan şäheri bolan Malabo ýurduň esasy täjirçilik we maliýe merkezi statusyny özünde saklar.
Ekwatorial Gwineýabyň esasy bölegi yklymda ýerleşýär. Ekwatorial Gwineýanyň ilatynyň sany, takmynan, 2 million adam bolup, olaryň 80 göterimi Respublikanyň yklym böleginde ýaşaýar.
PDF









