Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşynda bu gezek “Barselona” ýeňiji boldy. Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda “Barselona” köne bäsdeşi “Real Madridi” 5-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
1-nji ýarymda 4 gol
Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda ilkinji howply pursatlary barselonaly futbolçylar döretselerem, olara Kurtuany geçmek başarmady. Oýnuň 5-nji minutynda garşylyklaýyn hüjümde Kilian Mbappe ýarym meýdançadan alan topuny derweze girizip hasaby açdy. Ýöne madridlileriň begenji uzak dowam etmedi. 22-nji minutda Lamin Ýamal hasaby deňlese, 36-njy minutda penaltini dürs uran Robert Lewandowski katalonlary öňe saýlady. Bu goldan 3 minut soň kelle urgusy bilen tapawutlanan Rafinýa aratapawudy 2 gola çykardy. 45+10-njy minutda bolsa burçdan ýerine ýetirilen urguda uly ýalňyşlyk goýberen madridliler 4-nji goly hem geçirtdiler. Bu goly garşylyklaýyn hüjümde Rafinýanyň pasyndan soň Balde öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Real Madrid” topary taryhynda “El Klasikoda” 1-nji ýarymda 3 gol aratapawudy bilen ýeňliş ýagdaýynda arakesmä çykdy. Mundan öň ilkinji gezek 1926-njy ýylda we soňky sapar 77 ýyl ozal, ýagny 1948-nji ýylda şeýle statistika hasaba alnypdy.
Katalonlar soňky ýarym sagady 1 oýunçy kem oýnady
“Barselona” topary 2-nji ýaryma-da gol bilen başlady. 48-nji minutda Rafinýa özüniň 2-nji, toparynyň 5-nji goluny geçirdi. Duşuşygyň 57-nji minutynda VAR-yň görkezmesi boýunça emin Hil Manzano “Barselonanyň” derwezeçisi Woýçeh Şensnyny gyzyl kart bilen meýdançadan çykardy. 60-njy minutda bolsa Rodrigo jerime urgusyndan owadan gol geçirdi. Duşuşygyň galan minutlarynda-da “Real Madrid” hüjümler döretse-de, olara skorbordy üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, 5-2 taryhy hasap bilen “Real Madridi” ýeňen “Barselona” 1 ýyllyk arakesmeden soň, 15-nji gezek Ispaniýanyň Super Kubogynyň eýesi boldy. Mundan 2 ýyl öňki finalda-da “Real Madridi” 3-1 hasabynda ýeňen “Barselona” geçen ýyl 4-1 hasap bilen asgyn gelipdi.
100-nji kubok
Bu ýaryşda 14-nji gezek ýeňiji bolup, “Barselona” bilen deňleşmekçi bolan “Real Madrid” 13 kubokda galdy.
“El Klasikoda” yzly-yzyna uly hasaplar bilen ýeňiş gazan Hansi Flik “Barselonadaky” ilkinji kubogyny asmana göterdi. Bu umumylykda “Barselonanyň” 100-nji kubogydyr (Kataloniýa sebitiniň ýaryşlary hasaba alynmanynda).
Karlo Ançelotti “Realyň” tälimçisi hökmünde “Barselonadan” 18 oýunda 9-njy gezek ýeňlişe sezewar bolup, 4-sinde 4-den köp gol geçirtdi.
“Barselona” ýarym finalda “Atletik Bilbaony” Gawi (17) we Ýamalyň (52) gollary bilen 2-0, “Real Madrid” bolsa “Malýorkany” Bellingamyň (63), Walýentiň (90+2 ö.d.) hem-de Rodrigonyň (90+5) gollary esasynda 3-0 hasaplar bilen ýeňipdi.