Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly we bök­denç­siz üp­jün et­mä­ge, şeý­le hem da­şa­ry ýurt sarp edi­ji­le­ri­ne elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny iber­mä­ge gö­nük­di­ri­len ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip dü­zü­len «Türk­me­nis­ta­nyň elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň 2013-2020-nji ýyl­lar üçin kon­sep­si­ýa­sy­na« la­ýyk­lyk­da, elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­dy. Bu kon­sep­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň dür­li we­la­ýat­la­ryn­da döw­re­bap hem-de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň teh­no­lo­gi­ýa­sy or­naş­dy­ry­lan tä­ze we döw­re­bap gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň 8-si ulan­ma­ga be­ril­di.

Ozal bar bo­lan elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň dur­ku­nyň tä­ze­len­me­gi bi­len ýur­du­myz­da 12 sa­ny elekt­rik stan­si­ýa­sy sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly we bök­denç­siz üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, şol bir wagt­da ön­dü­ril­ýän ar­tyk­maç elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na ibe­ril­me­gi­ne giň şert­ler dö­red­ýär.
Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýän mil­li Li­de­ri­miz ýe­ne-de bir uly tas­la­ma­nyň ýur­du­my­zyň is­len­dik kün­je­gin­den da­şa­ry ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny iber­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ahal-Bal­kan, Bal­kan-Da­şo­guz hem-de Ahal-Ma­ry hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­ga­my­ny we be­ket­le­ri gur­mak bo­ýun­ça uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan tas­la­ma­nyň ba­şy­ny baş­laý­jy­sy­dyr. Bu ener­go­ul­ga­myň tas­la­ma­sy­ny bir­nä­çe tap­gyr­da ama­la aşyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şo­nuň bi­rin­ji tap­gy­ry bo­lan Ahal – Bal­kan ara­ly­gyn­da­ky ho­wa elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni we be­ket­le­ri ulan­ma­ga be­ril­di. Bu iri möç­ber­li tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ze­rur en­jam­lar, se­riş­de­ler hem-de ulag teh­ni­ka­la­ry sa­tyn alyn­dy.
Ahal – Bal­kan ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ge­çi­ri­ji­ni çek­mek bo­ýun­ça iş­ler ýur­du­my­zyň ener­go­gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň güý­ji bi­len ama­la aşy­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň iki we­la­ýa­ty­ny bag­la­nyş­dy­ran ýo­ka­ry wolt­ly tä­ze elekt­rik ge­çi­ri­ji içer­ki sarp edi­ji­le­riň ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir­lik­de, da­şa­ry ýurt­la­ra eks­por­ta ug­ra­dyl­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry­ny art­dyr­mak üçin hem teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der.
Ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy ýyl­sa­ýyn öz­ger­ýär we onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­ýar. Pu­da­gyň ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gel­jek­de döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den giň­den peý­da­lan­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bu iş­ler­de ýer­li kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bir­lik­de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hem hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Türk­men ener­ge­ti­ka­sy­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak bu tas­la­ma elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ösüş­le­rin­de hil taý­dan tä­ze tap­gy­ryň baş­la­nan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek dün­ýä ýurt­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Şeý­le hem elekt­rik ener­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy Öz­be­gis­ta­na, Ow­ga­nys­ta­na we beý­le­ki goň­şy ýurt­la­ra ibe­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek kuw­wa­ty bu gör­ke­zi­ji­le­ri we ugur­la­ry gel­jek­de has-da art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şaý­şyň we ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni goň­şy ýurt­la­ryň sarp edi­ji­le­ri­ne el­ýe­ter­li et­mek ýö­rel­ge­si dur­ýar. Di­ňe şu ýag­da­ýyň özi-de ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň yn­san­per­wer hä­si­ýet­li­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.

Bag­ty­gül HO­JA­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.