1895-nji ýylyň 27-nji iýunynda “Baltimore and Ohio Railroad’s” kompaniýasy “Royal Blue” atly ýolagçy otlusy üçin niýetlenen elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji lokomotiwini tanyşdyrdy. Şondan dört günden soňra ABŞ-nyň paýtagty Waşington bilen Nýu-Ýork şäherleriniň aralygynda elektrik energiýasy bilen işleýän lokomotiwiň çekýän ýolagçy ilkinji gatnawy ýola goýuldy.
Iki iri şäheriň arasyndaky demir ýoluň gurluşygyna 1828-nji ýylda başlanyp, 1830-njy ýyllaryň başynda ýolagçy gatnawy ýola goýulýar.