Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda ýelden we Günden alynýan energiýa geçen ýyl 22,3 göterim ýokarlanypdyr. Şeýlelikde, elektrik energiýasynyň önümçiligi rekord derejä ýetip, gazdan alynýan energiýadan öňe geçipdir. Sebitde elektrik energiýasynyň 19,9 göterimi gazdan alnypdyr. Elektrik energiýasynyň 32 göterimi gidroelektrik beketlerden we beýleki çeşmelerden, 16 göterimi kömürden alnypdyr.
Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän «Ember» maslahat beriş guramasynyň taýýarlan maglumatyna görä, Ýewropada ýagynyň az ýagmagy sebäpli gidroelektrik beketlerden alynýan energiýa hem azalypdyr.
Günden alynýan elektrik energiýasy ozalky ýyldakydan 24 göterim artyp, iň köp energiýa alnan çeşme bolupdy. Geçen ýyl Ýewropanyň 20 ýurdunda Günden alynýan elektrik energiýasynyň möçberi rekord derejä ýetipdir. Niderlandlarda elektrik energiýasynyň 14 göterimi Günden alnyp, bu ugurda öňdeligi eýeläpdir. Arassa çeşmelerden alynýan energiýanyň möçberiniň artmagy gidroelektrik çeşmelerde emele gelen ýitginiň öwezini dolupdyr.
Aýsenem AGAJYKOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.