ABŞ-da elektrik togy bilen işleýän awtobuslaryň ulanylmagy üçin maýa goýumlaryň özleşdirilmegi maksat edinilýär. Munuň üçin jemi 73 milliard dollar möçberinde maliýe serişdeleri göz öňünde tutulýar. Bu ugurda degişli işler ýurduň Kongresinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Senatlar elektrik energiýasy bilen işleýän 70 müň awtobusyň önümçiligi üçin 73 milliard dollar maliýe serişdeleriniň gönükdirilmegi babatda teklip bilen çykyş etdiler. Şeýle hem, ýük awtoulaglaryny we beýleki ulaglary täzeden enjamlaşdyrmak üçin hem maliýe serişdeleriniň gönükdirilmegi teklip edildi. Elektrikli awtobuslaryň önümçiligi ekologiýa taýdan arassa jemgyýetçilik ulag ulgamyna geçmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda örän uly ähmiýete eýedir. Bu taslamanyň çäklerinde ýük ulaglarynyň hem-de beýleki ulaglaryň täzeden enjamlaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem maksatnama esasynda ähli ulaglary ABŞ-nyň çäklerinde öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurtda jemgyýetçilik ulaglaryndan awtobuslaryň 2 göterimi elektrik ýa-da beýleki howany hapalamaýan ýangyç bilen işleýär.
Ejebaý KULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.