Ýylyň başyndan bäri dünýä bazarynda elektroulag satuwy azalýar. Geçen aý bolsa, azalyş dowam edip, 11% pese düşdi. “Benchmark Mineral Intelligence” maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, ýylyň ilkinji iki aýynda jemi 2,2 million elektroulag satylypdyr. Pese gaçyşlyk, esasan, Hytaýda hasaba alnypdyr. Ýewropada bolsa, 2 aýda 21% ösüş hasaba alnyp, 600 müň töweregi ulag satylypdyr.
PDF









