Ýewropada ýylyň birinji ýarymynda elektroulag satuwy ilkinji gezek 1 milliondan geçdi. «JATO Dynamics» maglumat beriş kompaniýasynyň habar bermegine görä, sebitde elektroulag satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25% ýokarlanyp, 1 million 193 müň 397 bolupdyr. Agzalýan döwürde awtoulag satuwynyň 17,4 göterimi elektroulaglara degişli bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3,6% köp bolupdyr. Elektroulaglaryň bazardaky paýy hasaba alnanda, Daniýa (19%), Norwegiýa (9,2%), Belgiýa (8%), Finlýandiýa (7,2%) we Awstriýa (5,6%) öňdeligi eýeleýär.
Agzalýan döwürde «Volkswagen» satuwyny 78% ýokarlandyryp, 135 müň 427 elektroulag satypdyr. «Tesla»-nyň satuwy 33% azalandygyna garamazdan, 109 müň 262 elektroulag satyp, ikinji bolupdyr. BMW 94 müň 658 elektroulagy müşderilere ýetiripdir. «Audi» 74 müň 561, «Skoda» 71 müň 789, «Renault» 64 müň 402, «Kia» 55 müň 915 elektroulag satypdyr.