BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş emeli aň boýunça täze garaşsyz halkara ylmy toparyň düzümine girjek 40 sany ekspertiň sanawyny hödürledi. Bu topar emeli aňyň ösüşiniň hakyky netijelerine gözegçilik etmek we olara baha bermek üçin döredilen dünýäde ilkinji doly garaşsyz global edara bolar.
BMG-niň Täzelikler gullugynyň habaryna görä, Guterriş toparyň işiniň çalt depginlerde ösýän tehnologiýalary düzgünleşdirmegiň köptaraply gurallaryny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi. BMG-niň başlygy: «Emeli aň ýagtylygyň tizliginde ösýär. Hiç bir döwlet bolup geçýän wakalaryň doly suratyny ýeke özi görüp bilmeýär» diýip aýtdy we dünýäniň umumy çelgilere hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere mätäçdigini nygtady.
Topara dalaşgärleri saýlap almak üçin açyk global bäsleşik yglan edildi. Oňa 2600-den gowrak arza gelip gowuşdy. Jemleýji sanawa maşyn öwreniş, kiberhowpsuzlyk, saglygy goraýyş, adam hukuklary, çagalaryň ösüşi we maglumatlary dolandyrmak ulgamlarynyň hünärmenleri girizildi. Toparyň ähli agzalary haýsydyr bir döwlet edaralaryna, hususy kompaniýalara ýa-da guramalara garaşsyz ýagdaýda, şahsy hünärmen hökmünde iş alyp bararlar.
Baş sekretaryň sözlerine görä, bu topar emeli aň barada ygtybarly we tarapsyz maglumatlara aýratyn zerurlyk ýüze çykan şertlerinde esasy ugrukdyryjy bolar. Ol täze düzümiň «faktlary galp maglumatlardan, ylmy bolsa goh-galmagaldan aýyrmaga» kömek etjekdigini nygtady.
-Topar işine gyssagly tertipde başlar – diýip, Baş sekretar söz berdi. Ilkinji hasabat geljekki kadalaryň we standartlaryň ara alnyp maslahatlaşyljak esasy halkara forumy bolan iýul aýyndaky emeli aňy dolandyrmak boýunça global gepleşige çenli taýýar bolar.
Guterriş emeli aňyň eýýäm dünýäni üýtgedýändigini we esasy meseläniň döwletleriň bu üýtgeşmeleriň akymynda bilelikde öňe gidip-gitmejekdiginden ybaratdygyny belledi.
-Mesele biziň bu özgerişi bilelikde kemala getirjekdigimizde ýa-da onuň bizi kemala getirmegine ýol berjekdigimizde – diýip, ol aýtdy.
Baş sekretar ösýän geosyýasy bäsdeşlik we tehnologik garşydaşlyk şertlerinde umumy platformany tapmagyň aýratyn möhümdigini duýdurdy. Onuň sözlerine görä, täze topar ylma, raýdaşlyga we halkara hyzmatdaşlyga esaslanan şeýle platforma öwrülip biler.