Hytaýyň “Alibaba” kompaniýasy emeli aň tehnologiýasyna 50 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýum gönükdirjekdigini mälim edenden soňra paýnamalarynyň bahasy rekord derejede gymmatlady. “Alibaba Group Holding”-iň ýolbaşçysy Eddi Wu global derejede emeli tehnologiýasyna geljek 5 ýylyň dowamynda 4 trillion dollara ýetilmegine garaşylýandygyny belledi. Mundan ozal fewral aýynda kompaniýa geljek üç ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamany durmuşa geçirmek üçin 380 milliard ýuan (53 milliard amerikan dollary) goýberjekdiklerini mälim edipdi.
Wu pudagyň ösüş tizliginiň garaşylandan has güýçli depginde ösýändigini ünsi çekip, agzalýan maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini hem-de täze maýa goýum taslamalarynyň üstüne goşuljakdygyny belledi. Şondan soňra kompaniýanyň paýnamasy Gonkongda biržasynda 7,2% gymmatlady. Biržadaky emeli aň kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahalary hem gymmatlady.