Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrliginiň garamagyndaky Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy akademiýasynyň (CAICT) Pekinde geçiren forumynda emeli aň tehnologiýasynyň geljegi barada maglumat berildi. Maglumatda emeli aň tehnologiýasy bilen bagly senagatyň umumy gymmatynyň geçen ýyl 900 milliard ýuandan (127,5 milliard amerikan dollary) geçendigi, tamamlanyp barýan ýylda 1,2 trillion ýuandan (170 milliard amerikan dollary) geçjekdigi bellenildi. Şu ýyl emeli aň modelleriniň dil ukyby
30 göterim, düşünmek ukyby 50 göterim artypdyr. Bellenilişine görä, bu tehnologiýa hakyky durmuşda öndüriji güýje öwrülip başlapdyr. Eýýäm bu tehnologiýa önümçilik pudagynda hem ulanylýar. Emeli aň bilen robotlaşdyrylan tehnologiýa utgaşdyrylyp, ýylyň dowamynda bu ugurda iş alyp barýan 350-den gowrak kompaniýa 40 milliard
ýuan (5,6 milliard amerikan dollary) gönükdirilipdir.
Meret Göroglyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









