Hytaý, dünýäde ilkinji bolup, “WeChat” we “TikTok” ýaly platformalarda emeli aň tarapyndan döredilen kontentler üçin hökmany bellik girizdi. 1-nji sentýabrdan güýje giren bu kanun ähli platformalardan emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýmagy talap edýär. Bu dünýädäki ilkinji şeýle kanun. Bu kanun emeli aňyň kömegi bilen döredilen tekstlere, suratlara, wideolara we seslere degişlidir.