Bilim durmuşy özgerdýär, ýöne muňa garamazdan onuň özi hem bu ulgama ornaşdyrylýan täze tehnologiýalaryň hasabyna özgerýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Täze tehnologiýalar we okatmagyň häzirkizaman usullary ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň zerur şertidir» diýip belleýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döwründe ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da eme­li aňy peý­da­lan­mak ba­bat­da­ky türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan baş­la­nan oňyn baş­lan­gyç­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Gel­je­gi uly ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan eme­li aňy bi­lim ul­ga­myn­da peý­da­lan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bi­lim iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da we­bi­nar­lar, mas­la­hat­lar ge­çir­mek ar­ka­ly bu ba­bat­da­ky hal­ka­ra tej­ri­be­ yzy­gi­der­li öw­re­nil­ýär.
Eme­li aňyň bi­lim ul­ga­myn­da­ky ta­ry­hy XX asy­ryň or­ta­la­ryn­da Sten­ford uni­wer­si­te­ti ta­ra­pyn­dan il­kin­ji komp­ýu­ter prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň (PLA­TO-Prog­ram­med Lo­gic for Au­to­ma­ted Teaching Ope­ra­tions) peý­da­la­nyl­ma­gy bi­len baş­lan­ýar. Bu prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi (PLA­TO)
ta­lyp­la­ra, esa­san, ma­te­ma­ti­ka­nyň we te­bi­gy ylym­la­ryň kon­sep­si­ýa­la­ry­ny öw­ren­mä­ge kö­mek edip­dir.
Bi­lim ul­ga­myn­da ula­nyl­ma­ga baş­la­nan il­kin­ji gün­le­rin­de, eme­li aň­dan mu­gal­ly­myň okuw­çy­la­ryň gys­ga dö­wür­de bi­li­mi­ni bar­la­mak ýa­ly we­zi­pe­si­niň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi­ne ga­ra­şy­lyp­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de bol­sa, on­dan okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly has giň ge­rim­li iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi umyt edil­ýär.
Eme­li aňa esas­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar, neý­ro­set­ler: gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da der­siň öz­leş­di­ril­ýän te­ma­sy bo­ýun­ça oý­la­ny­şyk­ly me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär; te­ma de­giş­li baý mag­lu­mat go­ru­ny üp­jün ed­ýär; öw­re­nil­ýän okuw mag­lu­ma­ty­nyň düş­nük­li bol­ma­gy­ny we ula­nyl­ýan ýer­le­ri­ni kes­git­le­ýär; okuw mag­lu­ma­ty­nyň okuw­çy ýa-da ta­lyp ta­ra­pyn­dan öz­leş­di­ri­liş de­re­je­si­ni anyk­la­ma­ga kö­mek ed­ýär; mu­gal­ly­ma okuw­çy­nyň ýa-da ta­ly­byň okuw mag­lu­ma­ty­ny öz­leş­di­riş de­re­je­si­ne gö­rä aý­ra­tyn­lyk­da çe­me­leş­mä­ge kö­mek ed­ýär; mag­lu­mat­lar bi­len iş­le­mä­ge bo­lan çe­me­leş­mä­ni kä­mil­leş­dir­ýär; mag­lu­mat­la­ry tap­ma­ga, sel­jer­mä­ge we tä­ze pi­kir­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär; da­şa­ry ýurt dil­le­rin­de ýa­zy­lan yl­my mag­lu­mat­la­ryň özü­mi­ze ze­rur bo­lan di­le ter­ji­me edil­me­gi­ne kö­mek ed­ýär; öw­re­dil­ýän okuw mag­lu­ma­ty­ny okuw­çy­la­ryň ýa-da ta­lyp­la­ryň ýe­ňil öz­leş­dir­me­gi­ni üp­jün ed­ýär; tas­la­ma­la­ry taý­ýar­lap ber­ýär; da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­giň, haý­sy­dyr bir te­ma­da yl­my işi ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ýol kar­ta­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy üp­jün ed­ýär; mu­gal­ly­myň sa­pa­ga taý­ýar­lan­ma­gy üçin sarp ed­ýän wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga kö­mek ed­ýär; bi­lim ul­ga­myn­da­ky mag­lu­mat­la­ry sel­jer­me­gi üp­jün ed­ýär. Umu­man aý­dy­lan­da, eme­li aňa mah­sus bo­lan bu aý­ra­tyn­lyk­lar okat­ma­gyň iň tä­sir­li se­riş­de­si hök­mün­de onuň bi­lim ul­ga­myn­da peý­da­la­nyl­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Güýçmyrat Soltanmyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.