Hytaýyň Pekin uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň kömegi bilen, 1600 ýyllyk söýgi golýazmasyny gaýtadan dikeltmegin hötdesinden geldi. Bu golýazma meşhur hytaý kalligrafy Wan Sýançži tarapyndan ýazylypdyr. “Louşen Fu” atly ajaýyp eser henize çenli ýitirilen diýlip hasaplanýardy. Eseriň IV asyrdaky asyl nusgasyndan diňe dördünji bölegi saklanyp galypdyr. Emma muňa garamazdan, Hytaý şriftlerini işläp taýýarlamak we öwrenmek merkeziniň ussat hünärmenleri bu eseri gaýtadan dikeltmek kararyna gelipdirler. Şeýlelik bilen hünärmenler Wan Sýançžiniň ýyllar dowamynda öz gymmatyny ýitirmän saklap gelen “On üç setir nefrit” eserini alyp, asyl kalligrafiýanyň stilini saklamak bilen, emeli aň esasynda ýetmeýän ieroglifleri dikeltmek arkaly, 919 ieroglifden ybarat bolan “Louşen Funuň” doly nusgasyny ýüze çykarmagy başardylar. Olaryň gazanan bu uly netijesi Çžeszýan uniwersitetiniň professory Sýue Lunçuny, nepis sungat akademiýasynyň ylmy gözlegçisi Sýu Saýçženi we gadymy ýazuw boýunça hünärmenleri diýseň haýran galdyrdy. Üstünlikli netije gazandyran bu taslama Pekin uniwersitetiniň hytaý ýazuwy boýunça köpýyllyk gözlegleriniň dowamy boldy. Bu ýerde 1970-njy ýyllarda professor Wan Çuanyň ýolbaşçylyk etmeginde ieroglifleri kompýuteriň kömegi esasynda işlemek boýunça ilkinji tejribeler geçirilip başlandy. Soňra 2005-nji ýylda bolsa bu ýerde şrift dizaýn merkezi açyldy. Onda täzeden-täze şriftleri döretmek, aýratyn hem gadymy tekstleri gaýtadan dikeltmek üçin emeli aňdan (EA) peýdalanylyp başlandy.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.