Hytaýyň «Alibaba» kompaniýasy «Qwen3-Coder» atly emeli aň nusgasyny hödürledi. Deňeşdirilip geçirilen synaglarda täze emeli aň tehnologiýasy Hytaýyň «DeepSeek» we «Moonshot AI» kompaniýalaryndan öňe geçen bolsa, «Claude» we «GPT-4» ýaly amerikan bäsdeşleri bilen käbir ugurlarda deň derejä ýetdi. Bilermenleriň bellemegine görä, «Alibaba»-nyň täze tehnologiýasy emeli aň pudagyndaky bäsdeşligi mundan beýläk-de ýitileşdirer.
Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýasy örän çalt depginlerde ösýär. Bilermenler emeli aň tehnologiýasynyň energiýany we beýleki çig mal serişdelerini tygşytlamakda, önümçiligi artdyrmakda oňyn netijeler berjekdigini belleýärler.
Arslan SUNNATOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.