Munisipal saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, çepçi Sosialistik partiýanyň dalaşgäri we ýurduň beýleki çepçi syýasy güýçleriniň goldawyny alan Emmanuel Greguar Pariziň häkimi wezipesine saýlandy. Bu barada BFMTV habar berýär.
48 ýaşly Greguar sesleriň 50,52%-ini alyp, Fransiýanyň öňki medeniýet ministri Raşida Datini 9 göterim tapawut bilen yzda galdyrdy.
Şol bir wagtyň özünde Parižiň häkimi wezipesine üçünji dalaşgär, çepçi “Boýun egmeýän Fransiýa” partiýasynyň wekili Sofi Şikiru sesleriň 7,96%-ini aldy.
Greguar Pariziň häzirki häkimi Ann Idalgonyň orunbasary bolupdy. Sagçy-sentrist “Respublikaçylar” partiýasynyň dalaşgäri bolan we sentrist “Demokratik hereket” hem-de Prezident Emmanuel Makron tarapyndan goldanylan Dati, saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň netijeleri mälim edilenden soň, özüniň X jemgyýetçilik torundaky sahypasynda ses bermegiň netijeleriniň “garaşylýan netijäni bermändigini” ýazdy.