Türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde enä aýratyn hormat goýulýar. Ene – ýaşaýşyň gözbaşy, maşgalanyň mähir çeşmesi. Ene mukaddesligi türkmen däp-dessurlarynyň, pähim-paýhasynyň hem-de durmuş ýörelgeleriniň esasy sütüni bolup durýar. Ene bolmak bagty miýesser eden zenana uly hormat-sarpa goýulýar. Ene bolmak tebigatyň zenana eçilen iň uly bagtydyr. Şol bir wagtyň özünde-de adamzat bähbitli jogapkärli borç hem ynsanlyk wezipesidir. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň perzentlik söýgüsinden, ogullyk mährinden, zerbap zehininden dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar. «Ene» düşünjesinden «ene ýer», «ene toprak», «ene dil» ýaly söz düzümleri emele gelýär. Enäniň dünýäniň başlangyjy bolmagy hakyndaky düşünje, bu mähriban ynsanyň ýaratmak bilen umumylygynyň, dünýäde dörediji hökmündäki tebigy häsiýetlendirilmesiniň gözbaşydyr» diýen ajaýyp jümleler seni eneli günleriň bagtly pursatlaryna atarýar.
Ene bolmak diňe bir perzendi dünýä getirmekde jemlenmeýär. Halkymyzda «Terbiýe eneden başlanýar» diýen aýtgy bar. Eneler perzentleriniň kiçiliginden işe werziş bolmagyny, gyzjagazlara iňňe tutmagy, sapak işmegi, alaja örmegi, haly dokamagy öwredip başlaýarlar. Çünki enäniň ýüreginiň töründe kemelmeýän mähir-muhabbet bar. Çagasyna asyllylyk, edep-terbiýe bilen birlikde zähmet terbiýesini bermek bilen maşgala dünýäsini gözelleşdirýän eneler dünýäni öňküden hem owadan, manyly etmäge çalşyp, el işleriniň ähli görnüşlerini gyzlaryna öwredýärler. Watanyna mynasyp ynsan, kämil şahsyýet edip ýetişdirmek enelik borjunyň esasy özenidir.
…Elim gül çemenli mähriban käbämiň huzuryna howlugardym. Gapyny kakanyma mähetdel mähriban käbäm gapyny açardy. Gasyn basan ellerini elim bilen sypap durşuma, käbämiň mähir gatyşykly sözlerine özümi ele alyp, baýramy bilen gutlardym. Şonda käbäm: «Eneleriň arzuwy çagalarynyň bagtyny görmek, gyzym!» diýerdi. Üç perzendini ilhalar edip ýetişdiren mähriban käbämiň daşyny gallap oturan agtyklarynyň «Ene-de, mama!» diýşip, ejem janyň daşyna jem bolanlaryny gören wagtlarym bagtdan ýaňa didelerime ýaş dolýardy. Ejem jan ojagymyzyň sarsmaz sütünidi. Düýp ojakda toý-sadaka edilende barymyz bir saçagyň başyna üýşýäris. Doganlar bilen biri-birimize söýget bolup, bagtly günlerimize guwanyp ýaşaýarys. Özüm bir öýüň bikesi bolanymdan soňra, ejemiň hereketlerini gaýtalaýandygymy duýýaryn. Sebäbi eneleriň dünýäsi birmeňzeş.
Sen näçe ýaşasaň-da, enäniň mähir doly gözlerinden, onuň paýhasly şirin sözlerinden doýma ýok ekeni. Maşgalada ene terbiýesi perzent üçin möhüm, perzendi terbiýelemekde enä aýratyn orun berilýär. Perzent bilen enäniň arasynda örän inçe baglanyşyk bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Çaga enesini ýylgyrşyndan tanaýar» diýip bellenilýär. Perzent enesini görýär, sesini eşidýär, mährini duýýar. Perzent üçin mähribanynyň sesi hemişe gulagyna ýakymly owaz bolup eşidilýär. Enäniň hüwdüsi perzendiň süňňüne rahatlyk berýär. Eziz eneler her bir türkmen maşgalasynyň arzymany, öýüniň bezegi. Şahyr şygrynda enäni şeýle wasp edýär:
Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz,
Enäniň ýüregi gülden näzikdir.
Enäniň hiç erbet arzuwy bolmaz,
Arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr.
Dünýäniň görki hasaplanýan eneler – siz ýaşaýşyň çeşmesi. Ene alkyşyny alyp, ak ýollara rowana bolmak, bagta ýetirýär. Eneler ogluny ogul ýerinde, gyzyny gyz ýerinde goýup, olara deň üns-alada siňdirýärler. Dünýäni sizsiz göz öňüne getirmek mümkin däl, eziz eneler!
Mährijemal BEREKETOWA,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň
agzasy.