Şu gün Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron goşundysy habar berdi. 

«Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlan bu merkez ýöriteleşen ugry boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji desgadyr. Merkezde «General Electric» kompaniýasynyň energetika enjamlaryna tehniki hyzmat işleri geçiriler. Bu ýerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin 55 sany ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar gurnaldy.

Desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, merkez ýolbaşçylar we hünärmenler üçin iş otaglaryny, mejlisler otagyny, synp otaglaryny, arhiwi, lukmançylyk otagyny, aşhanany, naharhanany öz içine alýan dolandyryş binasyndan, ammar binasyndan, abatlaýyş we dikeldiş sehinden, abatlaýyş ussahanasyndan, himiki arassalaýyş sehinden, tehniki we kömekçi binadan ybaratdyr.