Energiýa – häzirki zaman ykdysadyýetiniň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň binýadydyr. Her bir döwletiň ykdysady kuwwaty, senagat ösüşi hem-de ilatyň durmuş derejesi, ilkinji nobatda, onuň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ukybyna baglydyr. Şonuň üçin-de, energetika howpsuzlygy meselesi häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyzyň hem strategik ösüşiniň merkezinde durýar.
Energetika howpsuzlygy – bu ýurduň içerki we daşarky energiýa islegleriniň durnukly we ygtybarly üpjün edilmegini, şeýle hem energetika ulgamynyň döwrebap, durnukly işlemegini aňladýar. Başgaça aýdylanda, energetika howpsuzlygy – ýurduň ykdysady, durmuş we ekologik durnuklylygynyň esaslaryny üpjün edýän milli howpsuzlygyň möhüm düzüm bölegidir.
Energetika howpsuzlygynyň düzüm bölekleri
1. Ulgamyň tehniki durnuklylygy – desgalaryň we infrastrukturalaryň ygtybarly işlemegi.
2. Energiýa çeşmeleriniň dürlüligi – diňe bir çeşmä bagly bolmazlyk üçin gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ösdürmek.
3. Energiýa tygşytlamak – täze tehnologiýalar arkaly sarp edilişi azaltmak.
4. Daşarky eksport mümkinçilikleri – energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek.
Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ekologik durnuklylyk aýratyn orun eýeleýär. Döwrebap tehnologiýalaryň, «ýaşyl» energetikanyň we arassa önümçiligiň ösdürilmegi arkaly daşky gurşawyň goragy üpjün edilýär.
Türkmenistanda energetika pudagy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasat şu ugurlary öz içine alýar: täze energiýa çeşmeleriniň gözlenmegi, energetika infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, maglumat we sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy we energiýa tygşytlaýyş çäreleriniň kämilleşdirilmegi.
Energetika howpsuzlygy – ýurduň ykdysady ösüşiniň, jemgyýetiň abadançylygynyň we döwlet garaşsyzlygynyň möhüm guralydyr. Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak, täze çeşmeleri ösdürmek, energiýa tygşytlamak we ekologik durnuklylygy üpjün etmek arkaly energetika howpsuzlygy berkidilýär. Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryna, ylmy-tehniki mümkinçiliklerine hem-de strategik syýasatyna daýanyp, durnukly energetika ösüşiniň we halkara energetika howpsuzlygynyň möhüm paýdary hökmünde çykyş edýär.
Batyr ATABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
 PDF
 PDF 
		

 
                         