Türk­me­nis­tan baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri, aý­ra­tyn-da, te­bi­gy gaz se­riş­de­le­ri bi­len dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Şo­nuň üçin ýur­duň elekt­rik ener­ge­ti­ka ul­ga­my şu wag­ta çen­li, esa­san, te­bi­gy ga­za esas­lan­ýar. Şeý­le-de bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä de­re­je­sin­de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne geç­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak hem-de ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bol­dy. Bu ugur­da Türk­me­nis­tan hem giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri alyp bar­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň elekt­rik ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, ener­gi­ýa eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge we ila­ta yg­ty­bar­ly ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ni ber­jaý et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bir­nä­çe döw­re­bap gaz-tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şeý­le hem bar bo­lan elekt­rik be­ket­le­ri döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Elekt­rik be­ket­le­ri ut­ga­şyk­ly gör­nü­şe ge­çir­mek ug­run­da iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­re­bap elekt­rik stan­si­ýa­lar­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň («Ge­ne­ral Electric», «Su­mi­to­mo» we beý­le­ki­ler) en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. Ne­ti­je­de, ener­gi­ýa ön­dür­me­giň ne­ti­je­li­li­gi art­dy, zy­ňyn­dy gaz­la­ryň möç­be­ri has-da azal­dy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri:
Türk­me­nis­ta­nyň ge­og­ra­fi­ýa­sy we ho­wa şert­le­ri gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni, aý­ra­tyn-da, Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­ny giň­den ulan­mak üçin amat­ly­dyr. Ýur­du­myz­da Gün şöh­le­le­ri­niň ýy­lyň do­wa­myn­da has köp düş­ýän­di­gi na­za­ra al­nyp, Gün pa­nel­le­ri­ni ýer­leş­dir­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan «Türk­me­nis­tan­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy» tas­syk­lan­dy. Bu res­mi­na­ma ýur­duň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na tä­ze ugur aç­dy. Ýel ener­gi­ýa­sy bo­ýun­ça bar­lag­lar aý­ra­tyn­lyk­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýar, se­bä­bi bu se­bit­de ýel tiz­lik­le­ri ýo­ka­ry bol­ýar. Ýa­kyn ýyl­lar­da sy­nag esas­ly ýel tur­bi­na­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Oba ho­ja­ly­gyn­da dö­re­ýän ga­lyn­dy­lar­dan bio­gaz al­mak bo­ýun­ça hem sy­nag tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu ugur­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar. Türk­me­nis­tan bu ugur­da BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy (UNDP), Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka agent­li­gi (IEA), şeý­le hem dün­ýä­niň bir­nä­çe ýurt­la­ry­nyň ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şeý­le hyz­mat­daş­lyk­lar tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny hem-de mil­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gin­de döw­re­bap­laş­ma­gy we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne geç­me­gi mak­sat edin­ýär. Te­bi­gy gaz ener­gi­ýa­sy­ny esas­ly orun­da sak­la­mak bi­len bir­lik­de, ýurt Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­nyň goş­ma­ça çeş­me­ler hök­mün­de ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu sy­ýa­sat di­ňe bir yk­dy­sa­dy taý­dan däl, eý­sem, eko­lo­gik taý­dan hem dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri – Gün, ýel, suw aky­my­nyň ener­gi­ýa­sy, ýer we daş­ky gur­şaw ýy­ly­lyk güý­ji, bio­mas­sa­dan alyn­ýan bio­gaz we or­ga­ni­ki ga­lyn­dy­lar­dan ener­gi­ýa ýa­sa­ma alyp bol­ýan çeş­me­ler ýa­ly soň­ky wagt­lar­da dün­ýä­de hem-de Türk­me­nis­tan­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň «Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri» yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan bu ugur­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ins­ti­tut­da dö­re­di­len «Ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny tas­la­ma­gyň san­ly ul­ga­my» at­ly prog­ram­ma hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ul­gam ýel ener­gi­ýa­sy­na de­giş­li mag­lu­mat­la­ryň san­ly bin­ýa­dy­ny dö­ret­mä­ge, amat­ly ýer saý­la­ma­ga we kuw­wat gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ha­sap­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Umu­man, ýur­du­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Bal­kan we­la­ýa­tyn­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy gu­rul­ýan tä­ze, döw­re­bap oba­la­ry eko­lo­gik taý­dan aras­sa elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mä­ge şert dö­re­der. Di­ýa­ry­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­ler gel­jek­de-de giň ge­rim­de do­wam et­di­ri­ler.

Ataberdi MOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri»
ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.