Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Elektrik energetikasyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň uly bölegi senagatda, jemagat we oba hojalygynda ulanylýar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda sarp edilýän, şeýle hem eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberi ýylsaýyn artýar.
Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösüşiniň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri, taryhy, kemala gelşi, ösüşi hem-de geljegi barada giňişleýin maglumat berýär. Hormatly Arkadagymyz elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhyna aýratyn üns berýär.
Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikany ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» bar. Maksatnamalarda şu ýyl ýerine ýetirilmegi zerur bolan anyk wezipeler kesgitlenilen.
Şeýle kesgitlenen Maksatnamalar esasynda bolsa ýurdumyzyň ähli sebitlerinde elektrik beketleri bolup, olar paýlaýjy elektrik ulgamlary arkaly ilatymyzy, senagat desgalaryny elektrik togy bilen üznüksiz üpjün edýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär. Neşirde ýurdumyzyň umumy elektroenergetika düzüminde welaýatlaryň ösüşiniň möhümdigi bellenilýär, pudagyň okgunly ösüşine hem-de düzümleýin özgertmelerine häsiýetnama berilýär. Muňa öz welaýatymyzyň çäginden mysal getirenimizde welaýatymyzdaky kuwwatlylygy 254,2 MWt bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy 2007-nji ýylda ulanylmaga berlip, ol iki sany gaz turbinadan ybarat. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi welaýatyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrdy. Onda öndürilýän elektrik energiýasy elektrik ulgamlaryna degişli beketler arkaly sarp edijilere ýetirilýär. Bu babatda «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň, «Daşoguzşäherelektrikulgamy» kärhanasynyň hyzmaty uludyr. Elektrik energiýasynyň sarp edilişine «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň ýerli bölümleriniň işgärleri tarapyndan gözegçilik amala aşyrylýar.
Umuman, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan ösüşler halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin amala aşyrylýar. Abadan geljegimiziň hatyrasyna halkymyzyň bagtyýarlygyny, asuda durmuşyny gözellige besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Kuwwat Jollyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygynyň kömekçisi.