Geçen ýyl elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagy bilen energiýa serişdelerine bolan isleg global derejede 2,2 göterim artdy. Bu görkezijiniň soňky 10 ýyldaky ortaça artyşdan ýokarydygy mälim edildi. 2013-2023-nji ýyllar aralygynda energiýa serişdelerine bolan isleg ýylda ortaça 1,3 göterim ýokarlanypdyr. Geçen ýyl elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artan böleginiň gaýtadan dikeldilýändigi we tebigy gazdan alnandygy mälim edildi. Bu barada Halkara energiýa agentliginiň maglumatynda beýan edilýär. Maglumatda elektrik energiýasyna bolan isleg, önümçilik, täze tehnologiýalar we energiýa pudagynda uglerodyň howa goýberilişi barada jikme-jik maglumatlar bar. Dünýädäki elektrik energiýasynyň sarp edilişi 2024-nji ýylda 4,3 göterim ýokarlanypdyr. Bu görkeziji 2013-2023-nji ýyllar aralygyndakydan iki essä golaý artyş diýmegi aňladýar.
Muhammetberdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.