Niderlandlaryň çempionaty “Eredivisie”-de täze 70-nji möwsüm şu gijeki “Fortuna” – “Gou Ehed Iglz” duşuşygy bilen badalga alar. Täze möwsümde hem çempionlygyň iň esasy dalaşgäri PSW bilen “Aýaks” toparlary hasaplanýar. Geçen möwsümde “Aýaks” topary çempionlygy soňky tapgyrlarda dramatiki ýagdaýda elden gideripdi.

Çempionatda 18 klubuň 2-sinden galanyna niderland tälimçiler tälim berýär. Beýleki 2 tälimçi-de Niderlandlaryň goňşusy Belgiýadan gelen tälimçiler bolup, olar Maarten Martens (AZ) bilen Karl Hofkensdir (NAK Breda).

47 ýyldan soň ýokary liga çykdy

18 klubuň 4-si Owereýsell, 4-si Demirgazyk Gollandiýa sebitiniň klublarydyr. Paýtagt Amsterdamdan diňe “Aýaks” wekilçilik edip, täze möwsümde Rotterdam şäheriniň 3 topary çykyş eder. “Willem II”, “Almere Siti”, “Walweýk” toparlary geçen möwsümiň ahyrynda aşaky liga (“Eerste Divisie”) düşen toparlar bolupdy.

“Wolendam” bilen “Ekselsior” toparlary 1, “Telstar” topary bolsa 47 ýyldan soň ýokary liga gaýdyp geldi.

PSW. Eýndhowen şäheriniň kluby 2 möwsümden bäri çempion bolup gelýär. Peter Boşuň tälimçiligindäki klub bassyr 3-nji, umumylykda-da 27-nji çempionlygyny gazanyp, “Aýaksa” ýene bir ädim golaýlamak isleýär. Malik Tillman, Ýohan Bakaýoko, Noa Lang, Luuk de Ýong ýaly toparyň esasy oýunçylaryny topardan ugradan klubuň düzümine Ruben wan Bommel, Sildillia, Plea, Gasirowski ýaly oýunçylar goşuldy.

AÝAKS. Yzly-yzyna gazanylan 3 çempionlykdan soň 3 möwsüm arakesme beren amsterdamlylar täze möwsümde şol arakesmäniň uzamazlygy üçin tagalla baryny ederler. Transferde bellärlik oýunçy almadyk topar klubdan ugradan oýunçylaryndan 60 million ýewrodan gowrak girdeji gazandy.

FEÝENOORD. Soňky çärýek asyrda 2 gezek altyn medal gazanan “Feýenoord” toparyna ozalky ýyldyz oýunçy Robin Wan Persi tälim berýär. Esasy düzümden Paişao, Hansko, Milambo ýaly oýunçylaryny transfere ugradan rotterdamlylar Boržeş, Watanabe, Tengstedt ýaly futbolçylary transfer etdi.

EREDIVISIE 2025/26 MÖWSÜMIŇ TOPARLARY

KLUBLAR
ŞÄHERI
STADIONY-TOMAŞAÇY
TÄLIMÇI
Aýaks
Amsterdam
Johan Cruyff Arena - 55 865
Jon Haýtinga
AZ
Alkmaar
AFAS Stadion - 19 478
Maarten Martens (Belgiýa)
Ekselsior
Rotterdam
Van Donge & De Roo Stadion - 4 500
Ruben den Uil
Feýenoord
Rotterdam
De Kuip - 47 500
Robin wan Persi
Fortuna
Sittard
Fortuna Sittard Stadion - 10 300
Denni Buiýs
Gou Ehed Iglz
Dewenter
De Adelaarshorst - 10 000
Melwin Bul
Groningen
Groningen
Euroborg - 22 550
Dik Lukkien
Herenwen
Herenwen
Abe Lenstra Stadion - 27 224
Robin Weldman
Herakles
Almelo
Asito Stadion - 12 080
Bas Sibum
NAK Breda
Breda
Rat Verlegh Stadion - 19 000
Karl Hofkens (Belgiýa)
NEK
Neýmegen
Goffertstadion - 12 500
Dik Shreuder
PEK Zwolle
Zwolle
MAC³PARK Stadion - 13 250
Henri wan der Wegt
PSW
Eýndhowen
Philips Stadion - 36 500
Peter Boş
Sparta
Rotterdam
Spartastadion Het Kasteel - 11 000
Moris Stein
Telstar
Welsen
BUKO Stadion - 4 200
Antoni Korreia
Twente
Enshede
De Grolsch Veste - 30 205
Ýosef Oosting
Utreht
Utreht
Stadion Galgenwaard - 23 750
Ron Ýans
Wolendam
Wolendam
Kras Stadion - 7 384
Rik Kruýs